Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda edaranyň ýolbaşçysy Mergen Gurdow bilen Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi Bin Ahmad Tajuddiniň arasynda iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada TSSE-niň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Aziýa - Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek boýunça zerur işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini belläp geçdi.
Şeýle hem 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa amala aşyrylan resmi saparynyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hem-de işewür hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek ugrunda birnäçe wajyp resminamalara, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara Söwda-senagat edarasynyň we Milli Söwda-senagat edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigine ünsi çekdi. Bu resminamalar geljekde hem türkmen-malaý söwda gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeltmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleri açar.
Duşuşygyň dowamynda 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek «Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň» guramaçylyk meseleleri ara hem alnyp maslahatlaşyldy.
Bu forum iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek we täze maýa goýum mümkinçiliklerini döretmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolar.