Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýaş çatynjalar Irlandiýadaky adam barmaýan adanyň gözegçileri boldy

17:5503.03.2025
0
19303
Ýaş çatynjalar Irlandiýadaky adam barmaýan adanyň gözegçileri boldy
Surat: Yaplakal.com

Ýaş jübütler Jeýms Heýs we Kamilla Rozenfeld özboluşly mümkinçilige, ýagny Irlandiýanyň adam aýagy sekmeýän uzakdaky Greýt-Blasket adasyna gözegçi boldular. Bu wezipä dalaşgärlik 2020-nji ýylda yglan edilenden bäri oňa 80 müň adam isleg bildirdi.

Öňdäki ýarym ýylda ýaş çatynjalar siwilizasiýadan uzakda, 1950-nji ýylda gurlup taşlanan jaýlarda ýaşarlar. Olary ýabany tebigat, umman, ýerli çaýka guşlary, düwlenler we akulalar gurşar. Adada durmuş şertleri-de az: suwa düşünmäge duş üçin dag çeşmesiniň suwy, gajetlere güýç bermek üçin uly bolmadyk ýelharaz. Ada gözegçileriň wezipesi yglan edilenden bäri oňa isleg bildirenleriň kän bolandygy, hatda Eýrandan, Meksikadan, Finlýandiýadan we Argentinadan hem arzalaryň gelip gowşandygy habarda bellenýär.

Bu barada «MIR 24» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň