Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Başgyrdystanda atlaryň hormatyna Senanyň bäsleşigi yglan edildi

16:4803.03.2025
0
14233
Başgyrdystanda atlaryň hormatyna Senanyň bäsleşigi yglan edildi
Surat: MIR 24

Başgyrdystanda atyň hormatyna Sena saýlaýarlar. Oňa islendik meýil bildiren adam gatnaşyp biler. Esasy talaplar: aýdymyň dowamlylygy bäş minut bolmaly, sözleri-de başgyrt ýa-da rus dilinde hödürlenmeli diýip, «MIR 24» habarlar gullugynyň habarçysy Andreý Ýeganow habar berýär.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň hatarynda Rüstem Migranow hem bar. Ol sazanda-da, şahyr hem däl, 30 ýyla golaý polisiýada işledi. Häzir hukuk institutynda sapak berýär. Goşgy goşmak, saz ýazmak onuň halaýan güýmenjesi. Rüstem bäsleşige hem başgyrt, hem rus dilinde goşgy bilen gatnaşýar. «Men oba oglany, obada önüp-ösdüm. Çagalygymdan atlar bilen höwrügdim» diýip, ol gürrüň berýär.

Bäsleşige Ufadan gatnaşýan Röwşen Süleýmanow bolsa, aýdymyň sazyny ýazandygyny, sözlerini bolsa, aýalynyň uýasynyň döredendigini gürrüň berýär. Röwşeniň aýtmagyna görä, ony bäsleşigiň baş baýragy bolan taýçanagyň eýesi bolmak mümkinçiligi ruhlandyrýar.

Aýdyma esasy talap, ol täze bolmaly, sazy-da, sözi-de özboluşly bolmaly. Bäsleşige eýýäm 100-den gowrak arza gelip gowuşdy. Oňa gatnaşmaga diňe Başgyrdystandan däl, eýsem, Russiýanyň çar künjeginden, tutuş dünýäden isleg bildirýärler. Ýeňiji şu ýylyň awgustynda geçjek «Başgyrt aty — 2025» halkara bäsleşiginde yglan ediler.

Başgyrt atlary çydamlylygy bilen tapawutlanýar, ol hatda 40 gradus sowukda hem çydamlydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň