Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede 2027-nji ýylda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçip biler

12:1803.03.2025
0
13657
Türkiýede 2027-nji ýylda möhletinden öňki Prezident saýlawlary geçip biler
Surat: RİA Nowosti

Türkiýede möhletinden öňki Prezident saýlawlary 2027-nji ýylyň noýabrynda geçip biler. Oňa ýurdy dolandyryjy bileleşikden ýene häzirki Prezident Rejep Taýyp Ärdogan dalaşgär bolar. Bu barada dolandyryjy Adalat we ösüş partiýasynyň («Ak Parti») başlygynyň kömekçisi, Parlamentiň sanly habar beriş serişdeleri boýunça komitetiniň başlygy Hüseýn Ýaýman habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

«TGRT» teleýaýlymy ýurduň Hataý ülkesinde partiýadaşlar bilen duşuşykda Ýaýmanyň: «Hudaý halap, biz öz Prezidentimizi 2027-nji ýylyň noýabrynda boljak Prezident saýlawlarynda dalaşgärlige belläris hem-de Respublikan alýansyň baýdagy ýene-de Türkiýäniň asmanynda parlar» diýen sözlerini getirýär.

«Biz gije-gündiz öz milletimiziň bähbidine doga okaýarys, işleýäris, gulluk edýäris. Geljek saýlawlarda, Hudaý oňlap, biz ýene Rejep Taýyp Ärdogany öz Prezidentimiz saýlarys, bilelikde Türkiýäniň ähli kynçylyklaryny ýeňip geçeris» diýip, Ýaýman nygtady.

Öň ýurduň döwlet Baştutany partiýanyň gün tertibinde möhletinden öň saýlawlary geçirmegiň ýokdugyny habar beripdi. Nobatdaky saýlawlar 2028-nji ýylyň ýazyndan bolmalydy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň