3-nji martda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde amerikan kinoakademiýasynyň 97-nji «Oskar» kino baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy boldy.
«Iň oňat film» ugry boýunça baş baýraga režissýor Şon Beýkeriň «Anora» filmi mynasyp boldy. Film şeýle hem bäş ugur, şol sanda iň oňat režissýorlyk işi we ssenariý üçin baýraklara eýe boldy diýip, «INTERFAX.RU» ýazýar.
Iň oňat aktýorlar diýlip, «Brutalçy» filminde çykyş eden aktýor Edrian Broudi hem-de «Anora» filminde çykyş eden Maýki Medison mynasyp boldular.
«Hakyky agyry» filminde çykyş eden Kiran Kalkin we «Emiliýa Peres» filminde surata düşen Zoi Saldana ikinji plandaky iň gowy aktýorlar diýlip yglan edildi.
Latwiýaly režissýor Gints Zilbalodisiň «Akym» filmi iň oňat animasion film diýlip yglan edildi. Iň oňat daşary ýurt filmi hökmünde brazil režissýory Walter Sallesiň «Men henizem bärde» filmi baýraga eýe boldy.
Amerikanyň Kino sungatlary we ylymlary akademiýasynyň «Oskar» kino baýragy 1929-njy ýylda esaslandyryldy hem-de kino sungatynyň ösüşine goşant goşan işgärlere gowşurylýar.