Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da iňlis dili garaşsyzlyk yglan edilenden 249 ýyl soň resmi dil diýlip ykrar edildi

09:5403.03.2025
0
14897

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda garaşsyzlyk yglan edilenden 249 ýyl soňra iňlis dili federal derejede resmi dil hökmünde berkidildi. Bu ugurda degişli Permana ýurduň Prezidenti Donald Tramp gol çekdi diýip, «MIR 24» habar berýär.

Resminamada iňlis diliniň döwlet dili hökmünde ykrar edilmeginiň aragatnaşygy ýeňilleşdirmäge, milli gymmatlyklary berkitmäge hem-de jemgyýetiň bitewüligini ýokarlandyrmaga ýardam berjekdigi bellenýär. Permanda şeýle hem 2000-nji ýylda kabul edilen iňlis dilini bilmeýän adamlara dil kömegini bermäge borçly edýän karar resmi taýdan ýatyrylýar.

Emma edaralar öňküsi ýaly, aýratyn alnan ýagdaýlarda resminamalary we hyzmatlary diňe iňlis däl, beýleki dillerde hem hödürläp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň