Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Oňa bäsleşigiň welaýatlarda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanmagy başaran gelin-gyzlar gatnaşdylar we 8 ugur boýunça bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezdiler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Bäsleşik çekeleşikli geçirilip, ol gyzykly pursatlara baý boldy. Eminler toparynyň gelen netijesine görä:
- «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin» diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri Ogulşat Durdyýewa «Ýylyň işewür zenany»;
- «Berkarar döwletimizde el hünärini dikelýänligi we kämilleşdirýänligi üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ýaşaýjysy Meňli Dolyýewa «Ýylyň çeper elli zenany»;
- «Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasyny dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin» diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň medeniýet bölüminiň «Gurjak» halk teatrynyň suratkeşi Merjen Seýidowa «Ýylyň sungatda işjeň zenany»;
- «Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin» diýen ugur boýunça Arkadag şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy Mähri Şyhyýewa «Ýylyň mährem zenany»;
- «Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin» diýen ugur boýunça Aşgabat şäherindäki 20020 harby bölümiň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň psihology Aýgözel Annamyradowa «Ýylyň Watançy zenany»;
- «Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň «Daýhan zenanyň yhlasy» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Hurmagözel Mälikowa «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany»;
- «Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin» diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, telekeçi Bagtygül Meretgylyjowa «Ýylyň telekeçi zenany»;
- «Halypa-şägirtlik ýol-ýörelgelerini dabaralandyrmakda bitiren hyzmatlary üçin» diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Mähriban Ergeşowa «Ýylyň halypa zenany» diýlip yglan edildiler.
Ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirildi.