Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda mukaddes Oraza aýy başlandy

18:3601.03.2025
0
25928

Musulmanlaryň aý senenamasyna görä, 1-nji martda Türkmenistanda we tutuş yslam dünýäsinde agyz bekläp, ruhy taýdan päklenmegiň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýy (Remezan) başlandy.

Musulmanlar tarapyndan päkligiň, ynsanperwerligiň, ýagşy amallaryň döwri hökmünde hormatlanýan Oraza aýy ruhy taýdan galkynyş ýagdaýynda başlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, türkmen halky hem ata-babalaryndan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlaryny, şol sanda mukaddes Oraza aýy bilen bagly roza tutmak, agzaçar sadakasyny bermek ýaly dini däpleri, parz işleri berjaý edýär.

Milli metbugatda bellenilişi ýaly, Oraza dünýäde ynsanperwer ideallary, agzybirligi we jebisligi ündeýän aýdyr. Oraza aýynyň däpleri türkmen halkynyň nesilden-nesle geçip gelýän milli mentaliteti we durmuş pelsepesi, ruhy-medeni mirasy bilen gabat gelýär.

Milli däp-dessurlara görä, Oraza aýynda Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalýar we halkyň abadançylygy, ýurduň gülläp ösmegi üçin doga-dilegler edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň