Düzüminde azyndan 70 göterim kakao bolan gara şokolad, banan we ýagly balyk diňe açlygy kanagatlandyrman, adamyň keýpini hem göterip bilýär. Bu barada psiholog, iýmit siňdiriş ulgamy boýunça hünärmen we «Grow Food» hyzmatynyň ambassadory Kseniýa Zabaturina «RIA Nowosti» habarlar gullugy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi diýip, «rbc.ru» ýazýar.
Hünärmeniň sözlerine görä, gara şokolad «bagt gormonlary» diýlip atlandyrylýan endorfinleriň işlenip çykarylyşyny ýokarlandyrýar. Miweler ýokumlary we bedene streslere garşy göreşmäge kömek edýän antioksidantlary özünde saklaýar.
Göwnüçökgünlikde banan hem uly kömek edýär. Ol uglewodlara baýdyr hem-de bedene triptofany özleşdirmäge ýardam edýär. Hünärmen şeýle hem magnä baý bolan we omega-3-i düzüminde saklaýan hozlary köpräk iýmegi maslahat berýär. Sustupesligi ýeňip geçmekde işdäaçara goşulýan otlar, ysmanak, kelem, şeýle-de turşy süýt önümler hem peýdalydyr.
Psiholog fiziki işjeňligiň, ukyny ýeterlik almagyň ruhubelent bolmakda zerurdygyny sözüniň üstüne goşdy.