Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Patyşa Karl III aýaly Kamilla bilen Remezan baýramynyň öňýanynda hassahanalar üçin hurma toplady

13:0401.03.2025
0
26971
Patyşa Karl III aýaly Kamilla bilen Remezan baýramynyň öňýanynda hassahanalar üçin hurma toplady
Surat: Gazeta.ru

26-njy fewralda 76 ýaşly Patyşa we 77 ýaşly Şa aýaly musulmanlaryň Remezan aýynyň başlanmagy bilen bagly, Londondaky musulman jemagatlaryna aýlandylar.

Olar resmi gezelenjiň dowamynda meşhur baş aşpez Asma Hanyň esaslandyran «Darjeeling Express» atly hindi restoranyna bardylar. Han olar bilen bile ýerli hassahanalara ibermek üçin hurma gaplady. Karl III bu işi oňat ýerine ýetirdi, Han haçanda hurmalary gaba ýerleşdirişini öwende, Patyşa ýylgyrdy diýip, «People» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» gürrüň berýär.

«Men Patyşa şeýle çakgandyr öýtmeýärdim. Siz hurmalary gaba şeýle tiz ýerleşdirýärsiňiz welin, men gaplaryň agzyny ýelimläp hem ýetişmeýärin» diýen Hanyň sözlerine Patyşa bilen şa aýaly gülüşdiler diýlip, habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň