Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Britaniýaly kliniki ölümi başdan geçirip, sekiz minut jennetde bolandygyny gürrüň berdi

12:3201.03.2025
0
26769
Britaniýaly kliniki ölümi başdan geçirip, sekiz minut jennetde bolandygyny gürrüň berdi
Surat: Well News.ru

Beýik Britaniýada ýaşaýan 65 ýaşly Deýw Singlton kliniki ölümi başdan geçirdi we öz gürrüň bermegine görä, sekiz minut o dünýede boldy. Ýüregi durandan soňra, erkek kişi bagtyýarlyk hem-de rahatlyk ahwalyna uçrandygyny žurnalistlere gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Uzak wagt bäri ýürek-damar keselinden ejir çekýän Singlton özüni ýaramaz duýdy hem-de goňşusyndan «Tiz kömegi» çagyrmagy haýyş etdi. Lukmanlar ony hassahana eltdiler hem-de birnäçe gezek reanimasiýa geçirdiler. Tutgaýlaryň birinde onuň ýüregi sekiz minut urmasyny goýdy hem-de ol öz ruhunyň göwresini terk edip, jennete tarap göterilýändigini duýdy.

Deýw bu barada şeýle gürrüň berýär: «Men Gün şuglasyny bolluk bilen saçýan ajaýyp bagda otyrdym. Ýeňse tarapymda beýik haýat bardy we onuň aňyrsyndan gülki sesleri eşidilýärdi. Men ol ýerde öz maşgalamyň hem-de dostlarymyň ýygnanandygyny bilýärdim, diýmek, olar aýratyn bir wakany belleýän bolsalar gerek».

Ol tebigat gözelligini synlap, deňsiz-taýsyz bagtyýarlyk duýgusyny başdan geçirendigini hem-de ol ýerde hemişelik galasynyň gelendigini beýan etdi. Emma ol şol pursat hakyky durmuşa gaýdyp gelip, hassahanada ýatandygyny, lukmanlaryň özüniň ýürek urgusyny dikeltmek üçin yhlas edýändiklerini synlapdyr.

Häzir Deýw 85 ýaşynda, ýanynda ýürek urgusyny kadalaşdyryjy enjam göterýär. Ol indi durmuşyny düýpgöter üýtgetdi: köp syýahat edýär, durmuşdan lezzet almaga jan edýär hem-de suratkeşlik bilen gyzyklanýar diýip, «Daily Mirror» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň