Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Elektronika dünýäsi» dükany «Öz idegiňi we söýgiňi «Bosch» enjamlary bilen görkez» aksiýasyny yglan edýär

11:4901.03.2025
0
28232

Hojalyk tehnikalarynyň we elektronika harytlarynyň «Elektronika dünýäsi» dükany 3-nji martdan — 23-nji marta çenli aralykda dowam etjek «Öz idegiňi we söýgiňi «Bosch» enjamlary bilen görkez» aksiýasyny geçirýändigini habar berýär. Bu aksiýanyň çäklerinde «Bosch» brendiniň assortimentindäki ähli harytlar alyjylara 10%-den başlap arzan hödürlenilýär.

«Bosch» enjamlarynyň giň saýlawy arzan bahadan

«Elektronika dünýäsi» «Bosch» brendiniň hojalyk tehnikalarynyň we elektronika enjamlarynyň giň assortimentini, şol sanda kir ýuwujy maşynlary, sowadyjylary, gap-gaç ýuwujy maşynlary, tozan sorujylary, aşhana tehnikasyny hem-de beýleki köp sanly enjamlary hödürleýär. Bu ýokary hilli we ygtybarly enjamlary amatly bahalardan satyn almak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Sowgatlyk sertifikatlary

Eger siz sowgat saýlamakda kynçylyk çekýän bolsaňyz, «Elektronika dünýäsi» «Bosch» sowgatlyk sertifikatlaryny satyn almagy teklip edýär. Bu siziň ýakynlaryňyza gerek bolan islendik enjamy saýlap almaga mümkinçilik berýän uniwersal sowgatdyr.

Özüňizi we ýakynlaryňyzy hem amatly, hem ýokary hilli «Bosch» enjamlary bilen begendirmek mümkinçiligini elden gidirmäň! «Elektronika dünýäsine» geliň-de, islegiňize görä, halan enjamyňyzy saýlap alyň!

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 183-nji jaý;
  • telefon belgileri: 14 22 53, (+993 64) 16 64 91;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • TikTok.

«Elektronika dünýäsi» dükany külli musulman ymmatyny mukaddes Oraza baýramy bilen gutlaýar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň