Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil»: 8-nji martda ýakynlaryňyzy süýjülikler bilen begendiriň

10:2001.03.2025
0
16761

«Zyýat Hil» konditer dükanlary zynjyry 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk tortlary, konditer önümleri we süýjülikler üçin sargytlary kabul edip başlandygyny habar berýär. «Zyýat Hiliň» konditerleri bahar baýramy üçin tortlaryň we süýjülikleriň ýörite toplumyny döretdiler.

Baýramçylyk menýusynda adaty tortlardan başlap, ajaýyp pirožnoýelere we kökelere çenli konditer önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär. Ähli süýjülikler ýokary hilli önümlerden taýýarlanýar.

Müşderiler süýjülikleri gönüden-göni konditer dükanlarynda ýa-da telefon arkaly sargyt edip bilerler. «Zyýat Hil» sargytlaryň alyjylar üçin amatly wagtda getirilmegini üpjün edýär. 150 manatdan başlaýan bahalardan süýjülik sargyt edilende, Aşgabada we Gökdepe etrabyna mugt eltip bermek hyzmaty hem bardyr.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň