Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda ýurdumyzyň tanymal aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdyýewanyň ýadygärligine bagyşlanan konsert geçirildi. Ol şu ýylyň 23-nji fewralynda 95 ýaşamalydy.
Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungat ylymlarynyň kandidaty R.H. Amangeldiýew öz giriş sözünde türkmen operasynyň meşhur aýdymçysynyň ýurdumyzyň milli sungaty üçin uzak ýyllaryň dowamynda bitiren hyzmatlary, şeýle hem onuň alyp baran mugallymçylyk işi barada gürrüň berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň halk artisti A. Garýagdyýew, «Sazyň taryhy» kafedrasynyň mugallymy G. Döwletowa we Türkmenistanyň halk artisti G. Öwezowa «türkmen bilbiliniň» durmuşy we döredijilik ömri barada hem-de özleriniň bile işleşen kärdeşi hakdaky täsirli ýatlamalary bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, şahyr Gözel Şagulyýewa goşgy setirleri bilen çykyş etdi.
Dünýäniň dürli ýurtlarynyň saz söýüjilerini özüniň ýatdan çykmajak näzik sesi bilen haýran galdyran görnükli sungat işgäriniň 95 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý konsertinde milli saz hazynamyza giren aýdymlar, ariýalar, romanslar, şeýle hem dünýäniň nusgawy eserlerinden sazlar ýaňlandy.
Aýdym-saz agşamynyň maksatnamasynda: A. Alýabýewiň «Bilbil», N.A. Rimskiý-Korsakowyň «Garpamyk» operasyndan Garpamygyň ariýasy, D. Öwezow we Ý. Meýtusyň «Leýli-Mejnun» operasyndan Leýliniň ariýasy, W. Muhadowyň «Ganly sakanyň soňy» operasyndan Çaryýaryň we Leýliniň dueti, D. Öwezow we A. Şapoşnikowiň «Şasenem we Garyp» operasyndan Garybyň aýdymy, R. Rejebowyň «Görogly» operasyndan Agaýunusyň we Göroglynyň dueti we beýleki eserler bar. Ýerine ýetirijileriň hatarynda ýurduň öňdebaryjy wokalçylary, şol sanda Medeniýet Şahberdiýewanyň okuwçylary we onuň ajaýyp zehininiň gadyryny bilýänler çykyş etdiler.
Bu medeni çäre üstünlik bilen geçip, oňa gatnaşyjylaryň ýüreklerinde ýatdan çykmajak duýgulary galdyrdy, bu olara sungatda öz ömrüni aýdyň we wepadarlyk bilen geçiren görnükli türkmen aýdymçysyna uly sarpa hem hormat goýmak mümkinçiligini berdi.