«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredijilik topary bilen bilelikde martdan aprel aýyna çenli Türkmenistanyň ähli künjeginde gastrol çykyşlaryny amala aşyrar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Çykyşlaryň maksatnamasynda - türkmen jigitleriniň at üstünde dürli tilsimli çapyşynyň täsin sungaty, şeýle hem gyzykly sirk çykyşlary görkeziler.
Aşakda gastrol çykyşlaryň tertibi bilen tanşyp bilersiňiz:
• 5-nji martdan 7-nji marta çenli - Lebap welaýatynda;
• 10-njy martdan 12-nji marta çenli - Mary welaýatynda;
• 27-nji martdan 29-njy marta çenli - Balkan welaýatynda;
• 7-nji aprelden 9-njy aprele çenli - Daşoguz welaýatynda.
Ähli çykyşlar «Türkmeniň ak öýi» binalarynda geçiriler.