Kerki şäherinde meşhur aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanyp dabara geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, aýdymçynyň doglan gününe bagyşlanan dabaranyň geçirilýän ýeri hökmünde Kerki şäheriniň saýlanyp alynmagy-da tötänlik däldir. Ussadyň bu gadymy şäherde doglandygyna, çagalyk ýyllarynyň şu ýerde geçendigine etrabyň ýaşaýjylary buýsanýarlar.
Özüniň gaýtalap bolmajak owazly aýdymlary bilen dünýäniň Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Hindistan, Kanada, Şwesiýa ýaly döwletleriniň aýdym-saz muşdaklaryny bendi eden opera aýdymçysynyň ýubileýine bagyşlanan dabarada Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni mirasy öwrenmek bölüminiň müdiri, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary, medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri çykyş edip, aýdymçynyň türkmen milli sungaty bilen aýrylmaz baglanyşykly ömri, zähmetsöýerligi, gaýtalap bolmajak zehini barada aýdyp geçdiler.
Ussat aýdymçynyň Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekip, zehinli ýaşlara aýdym aýtmaklygyň opera görnüşiniň inçe tilsimlerini öwredendigini hem çykyş edenler hoşallyk bilen ýatlap geçdiler.
Dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Atajan Berdiýew, Gözel Öwezowa, opera aýdymçylary Leýla Resulowa, Gözel Annahanowa meşhur aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlaryny, şonuň bilen birlikde Weli Muhadowyň «Ganly saka», Daňatar Öwezow bilen Adrian Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp» operalaryndan ariýalary ýerine ýetirdiler.