21-nji fewralda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Ene diliniň halkara güni mynasybetli Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly Gadam Ilamanow hem-de Astrahan döwlet tehniki uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyplar gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) metbugat gullugy habar berdi.
Konsul G.Ilamanow dabarada çykyş edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmak taglymatlaryny öňe sürmekdäki ähmiýeti hem-de her bir halk, şol sanda türkmen milleti üçin hem ene diliň örän wajyplygy barada gürrüň berdi.
Uniwersitetiň talyplary tarapyndan Türkmenistanyň baý medeni-mirasyny, däp-dessuryny beýan edýän türkmen milli aýdymlary we milli sazlary ýerine ýetirildi. Şeýle-de çäräniň dowamynda türkmen medeniýetini şekillendirýän sergi hem guraldy.
Çäräniň çäklerinde konsul G.Ilamanow uniwersitetiň rektory bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda bilim, medeni-ynsanperwer ulgama hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.