Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Dawid Aruşaýansyň suratlarynyň sergisi açyldy

13:2321.02.2025
0
17586

Aşgabatda Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Dawid Aruşaýansyň suratlarynyň sergisi açyldy. Sergi köp ýyllaryň dowamynda Maryda ýaşan we işlän zehinli suratkeşiň hatyrasyna guraldy. Ýaşap ýören bolsa, şu ýyl ol 75 ýaşyny doldurardy – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.

Sergide onuň 85 sany surat eseri goýuldy. Bu ýerde ussadyň «Kompozisiýa», «Telpek satyjy», «Horazlaryň urşy», «Gelniň ugradylyşy», «Düýe», «Köşek», «Spitak» we başga işleri görkezilýär.

«Spitak» surat eserinde suratkeş Ermenistanda bolan pajygaly ýer titremesinden soň öz ýüreginiň nalyşyny şekile geçirmek isläpdir. Pajygadan soňky ilkinji günlerde ol Spitaka gelip, kyn pursatda öz watandaşlaryna elinden gelen kömegini gaýgyrmandy. Saparyň netijesi şu suratyň döremegidir.

Suratkeşiň iň söýgüli temalarynyň biri - gartaşan zenanlaryň portretini çekmekdi.

Bu surat eserleriniň gahramanlarynyň gözlerinden köp taryhy wakalary okap hem olary özüňçe düşündirip bolýar.

Suratkeşiň aýaly Lýudmila Wiktorowna Aruşaýans şeýle gürrüň berýär:

- Dawid Armaisowiç türkmen dilini kämil bilýärdi, özü-de türkmen halkynyň hakyky gepleşik dilini. Şonuň üçin onuň gürrüňi diýseň «süýji» bolýardy we bu islendik ýaşuly aýal bilen gürrüň etmek üçin oňa altyn açar bolup hyzmat edýärdi. Olar oňa özleriniň taryhyny ynanýardylar, özlerini şekile geçirmäge, surata düşürmäge rugsat berýärdiler.

Dawid Armaisowiçiň ýene bir häsiýetli aýratynlygy bardy - ol suratkeşler hakda köp okaýardy, sungat hakdaky teleýaýlymlary görýärdi, bu tema boýunça internetden köp zatlary okaýardy. Ol şeýle köp zatlardan habarly adamdy, Italiýadaky muzeýleri synlanda, ol gürrüň berýänleri düzedýärdi we ol ýa-da başga maglumaty takyklaşdyrýardy.

Serginiň açylyş dabarasynda hünärmenler suratkeşiň döredijiliginde bir aýratynlygy bellediler. Onuň özboluşly ýeterlik derejedäki durnukly reňk toplumynyň bardygyny, onuň hatda dramatik temalarda hem şol öz reňk toplumynyň çäklerinden çykmaýandygyny nygtadylar.

Lýudmila Aruşaýans suratkeşiň işlerine halk tarapyndan uly gyzyklanmanyň bardygyny görüp, geljekde hem şeýle sergileri guramak isleýändigini, çünki onuň suratlarynyň ýygyndysynyň örän giňdigini aýtdy – diýip, saýtda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň