Diplomatlar güni we Halkara kitap sowgat etmek güni mynasybetli Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Moskwanyň M.I.Rudomino adyndaky Daşary ýurt edebiýaty kitaphanasyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplaryny sowgat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişine görä, Moskwanyň M.I.Rudomino adyndaky Daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynyň gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly eseri we türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitaby bilen baýlaşdyryldy.
Dabaraly gowşurylyş çäresi kitaphananyň binasynda geçirildi. Oňa Moskwada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de medeniýet işgärleri gatnaşdylar.
Kitaphananyň baş direktory Pawel Kuzmin bu gymmatly sowgat üçin minnetdarlyk bildirip, bu eserleriň kitaphananyň gaznasyndan mynasyp orun aljakdygyny we olaryň okyjylar tarapyndan söýülip okaljakdygyny belledi.