Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Çaga lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewa täze doglan çagalara seretmegiň türkmen däp-dessurlary we düzgünleri barada gürrüň berdi

15:5706.02.2025
0
96644

16-njy saglyk öýüniň irki ösüş boýunça lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewa täze doglan çagalara seretmek barada ýaş eneler üçin möhüm maslahatlary bilen paýlaşdy we maşgalada çaganyň dünýä inmegi bilen baglanyşykly milli däp-dessurlar hakda gürrüň berdi.

«Täze doglan çaganyň sagdyn ösmegi köp babatda onuň durmuşynyň ilkinji günlerinden başlap dogry seredilmegine baglydyr. Ozal belläp geçişim ýaly, ýaňy doglan çaganyň biziň dünýämize öwrenişmegi üçin wagt gerek. Ilkinji üç aýda çaga özüni ejesinden aýry duýmaýar» — diýip, Ogulsuraý Ýazdurdyýewa gürrüň berýär.

Lukmanyň sözlerine görä, türkmen maşgalalary çaganyň dogulmagyna aýratyn üns bilen taýýarlyk görýärler: «Däp boýunça çaga üçin sallançagy adatça gelniň ejesi sowgat berýär. Öňünden owadan çaga eşikleri, baş gaplary, arlyklar —çaga zerur bolaýjak ähli zatlar taýýarlanyp goýulýar. Biziň medeniýetimizde maşgalanyň täze agzasynyň dünýä inmegi - köp däp-dessurlar bilen gurşalan aýratyn waka bolup durýar».

«Şunda belli bir döwürler bar - dogulandan soň 7, 20 we 40 gün, şol döwürlerde aýratyn düzgünler hereket edýär. Bu günlerde çagany öýden daşary çykarmaýarlar, keseki adamlaryň gelmegini çäklendirýärler. Bu diňe bir däp hem däl — bu çaga seretmegiň ilkinji tapgyrydyr» — diýip, çaga lukmany düşündirýär.

Lukman şeýle hem täze doglan çaga seretmek boýunça ähmiýetli bolan esasy maslahatlary bilen paýlaşdy:

• Çaganyň otagy gün düşýän otag bolmaly, temperaturasy 22-24 gradus we çyglylygy 50-60% bolmaly;
• Çagany arlyga berk dolamak maslahat berilmeýär;
• Çagany şampun bilen hepdede 1-2 gezek ýuwundyrmaly;
• Çaganyň endamyna hemişe ýag çalyp durmak maslahat berilmeýär, sebäbi çaga kislorodyň 30%-ini derisi arkaly alýar;
• Çaga ýörite arlyklar ulanylan halatynda, olar her 2 sagatdan çalşyrmalydyr;
• Halkyň arasynda täze doglan çaganyň dyrnagyny almak bolmaýar, ýogsa çaga ogry bolar diýen ynanç bar. Emma bu diňe yrymdyr, hakykatda bolsa çaganyň dyrnagyny her 7-8 günden almaly, ýogsa l ygtyýarsyz hereketleri bilen öz endamyny dyrnaçaklap biler;
• Çaga 10-11 sagatlap uklamalydyr we diňe iýmitlenmek üçin oýanmalydyr;
• Içiniň agyrmazlygy üçin çagany kä halatlarda ýüzin ýatyrmak hem möhümdir;
• Täze doglan çagany her gün 30 minut, hatda gyşda hem (10-15 minut), arassa howa çykarmalydyr.

«Eger-de täze doglan çaganyň hormatyna toý etmekçi bolsaňyz, ony 1-2 aý soňa goýmak has gowusydyr, has gowysy bolsa – alty aýdan soň toý etmekdir. Täze doglan çagalar gaty sese örän duýgur bolýarlar, çünki ir döwürdäki stres geljekde çaga ýokary howsalaly bolmagyna sebäp bolup biler» — diýip, Ogulsuraý Ýazdurdyýewa nygtaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň