Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

14:4304.10.2024
0
5587

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Söwda-senagat eda­ra­sy bi­len bi­le­lik­de şu ýy­lyň 9 — 12-nji oktýabrynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen bildirişde aýdylýar.

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty:

9-njy oktýabrda sagat 13:30-dan 18:00-a çenli;

10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;

12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 14:30-a çenli.

Sergi Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň Dolandyryş müdirliginiň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň çäginde geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheri, Olimpiýa şäherçesiniň 9-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 46-18-66. Faks belgisi: 48-23-40.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň