Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«SLB» «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň we sergisiniň (OGT 2024) bürünç hyzmatdaşy boldy

13:1404.10.2024
0
3232

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 23 — 25-nji oktýabrynda geçiriljek XXIX «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024» (OGT 2024) halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Öňki «Schlumberger» ady bilen tanalýan «SLB» kompaniýasy bu halkara maslahatyň hem-de serginiň bürünç hyzmatdaşy boldy diýip, «nCa» internet portaly habar berýär.

Bu abraýly forum tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we nebit-gaz pudagynda strategiýalary işläp düzmek üçin amatly meýdança öwrüler diýlip garaşylýar. Sebit we halkara derejede öňdebaryjy hasaplanýan bu iri çäre ýokary derejeli ýolbaşçylary bir ýere jemläp, onda nebit-gaz taslamalaryny durmuşa geçirmek we halkara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna ileri tutulýan taslamalar we maýa goýum ugurlary barada iň täze maglumatlar elýeterli bolar.

«SLB» (ozalky ady «Schlumberger») energetika pudagyny tehnologiýalar we hyzmatlar bilen üpjün ediji dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň biridir. «SLB» öz taryhyny ylmy gözlegler bilen başlady we şondan bäri köp wagtyň geçendigine garamazdan, tehnologiki ösüşe ygrarlylyk kompaniýanyň esasy gymmatlyklarynyň biri bolmagynda galýar. «SLB» gözleg we önümçilik dolandyryşyndan başlap, suw howdanyndan turbageçirijä çenli uglewodorod önümçiligini kämilleşdirmek we ýatagy netijeli dolandyrmak üçin pudagyň iň giň önümlerini we hyzmatlaryny hödürleýär.

«SLB-niň» Türkmenistanda alyp barýan işleri 1993-nji ýylda başlandy. Häzire çenli kompaniýa Türkmenistanyň geljegi uly uglewodorod ýataklarynda, hususan-da, «Galkynyş», «Uzynada», «Goturdepe», «Çeleken» we «Burun» känleinde üstünlikli iş alyp bardy.

Ýeri gelende bellesek, «SLB» kompaniýasy 120-den gowrak ýurtda toplan tejribesine esaslanyp, daşky gurşawy goramagyň işde üstünlik gazanmagynyň möhüm şertidigini ykrar edýär. Daşky gurşawa jogapkärçilikli çemeleşmek we jemgyýetçilik gatnaşygy kompaniýanyň strategiýasynyň möhüm bölekleridir. Şonuň üçin hem, kompaniýa Türkmenistandaky we dünýäniň beýleki ýurtlaryndaky desgalarynda energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ulanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň