Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Kompozitor Wýaçeslaw Dobrynin aradan çykdy

09:1702.10.2024
0
3801
Kompozitor Wýaçeslaw Dobrynin aradan çykdy
Surat: mir24.tv

Russiýanyň halk artisti, meşhur kompozitor we aýdymçy Wýaçeslaw Dobrynin 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň aýaly Irina Dobrynina habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Habarda kompozitoryň insult (beýnä gan inmegi) keselinden soňra gaýraüzülmeden aradan çykandygy aýdylýar.

Dobrynin aýdymçylar Lew Leşşenko, Mihail Boýarskiý, Irina Allegrowa, Madežda Kadyşewa, şeýle-de birnäçe meşhur aýdym-saz toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen meşhur aýdymlary döretdi.

Kompozitor 1946-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda doguldy. Ol şahyr Leonid Derbenew bilen bilelikde «Hoş gal», «Kim saňa aýtdy», «Meniň durmuşymda bar zatlaryň ählisi» ýaly ýüzlerçe aýdymlaryň awtorydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň