Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Fransiýadaky akkordeon önümçilikçi batandygyny yglan etdi

17:1301.10.2024
0
6326
 Fransiýadaky akkordeon önümçilikçi batandygyny yglan etdi
Surat: ru.euronews.com

Fransiýadaky akkordeon öndürýän baýry «Maugein» kompaniýasy özüniň batandygyny yglan etdi. Hepdäniň duşenbe güni kärhana özüniň iň soňky saz guralyny müşderä ýetirdi diýip, «euronews.com» ýazýar.

«Maugein» manufakturasy 1919-njy ýylda Týul-an-Korrez şäherjiginde fortepiano düzüji Žan Mojen tarapyndan esaslandyryldy. Geçen annada Korrez departamentiniň Briw telekeçilik kazyýeti baýry kärhananyň ýapylýandygy barada çözgüt çykardy.

Soňky ýyllarda kärhananyň işi ugruna däldi, muňa hytaýly önümçilikçileriň bäsdeşligi sebäp bolýardy. Işini diwersifikasiýalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna, ýagny elektron garmonikalarydyr akkardeonlary öndürip başlandygyna garamazdan, kärhana sargytlar gelmeýärdi, netijede, ol asla düşewüntsiz galdy.

Käbir syýasatçylar, mysal üçin, öňki Prezident Fransua Olland 100 göterim fransuz saz guralyny öndürýän kompaniýany halas edip bolar diýip umyt edýär. Emma häzir bary-ýogy 10 sany işgäri bolan kärhananyň ýapylmakdan halas boljakdygyna umyt azalýar.

«Eger hiç kime akkordeon gerek däl bolsa, biz ony öndüribem oturmarys» diýip, «Maugein» kompaniýasynyň direktory Rene Laşez gürrüň berýär.

Bu saz guraly onýyllyklar bäri halk ballarynda, nusgawy we häzirki zaman saz sungatynda ulanylyp gelinýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň