Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

10:3824.09.2024
0
9736

Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady, Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini oktýabr aýynda Russiýada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine çagyrdy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Şu gün Aşgabatdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän umumymilli forumyň gün tertibine halkyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurduň mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine gönükdirilen döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri girizildi.

2. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda rus Lideri türkmen kärdeşini şy ýylyň oktýabr aýynda Russiýada geçiriljek GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çagyrdy. Söhbetdeşlik Wladimir Putiniň Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni mynasybetli mähirli gutlamagy bilen başlandy. Rus Lideri türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

3. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň ýer, infrastruktura we ulag ministri Sangwo Parkyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda şähergurluşygy, seýsmologiýa we ulag pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaldy. Taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijelerini, hususan-da, awtoulag pudagynda gazanylan üstünlikleri bellediler.

4. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ýurduň Döwlet sirki 28-nji we 29-njy sentýabrda sagat 18:00-da boljak ýörite baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýar. Tomaşaçylara dürli sirk oýunlaryny, artistleriň we haýwanlaryň çykyşlaryny öz içine alýan şowhunly maksatnama garaşýar. Millilige aýratyn üns berler: maksatnamada «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary görkeziler.

5. Balkan welaýatynda awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş nokatlary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň täze desgalary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli Magtymguly hem-de Etrek etraplarynda açyldy.

Dünýäde

6. Beýik Britaniýa kebelekleriň sanynyň görlüp-eşidilmedik derejede azalmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Munuň özi ekologlaryň we alymlaryň arasynda uly alada döredýär. «Butterfly Conservation» haýyr-sahawat guramasy meýletinçileriň gatnaşmagynda uly göwrümli gözleg geçirdi, onuň netijesi hünärmenleri haýran galdyrdy. Taslama gatnaşyjylar üç hepdäniň dowamynda baglardaky, seýilgählerdäki we oba ýerlerindäki kebelekleri gözden geçirdiler. Orta hasap bilen, olar 15 minutlyk gözegçilik döwründe bary-ýogy 7 kebelegi hasaba aldylar, bu bolsa geçen ýylky görkezijiden iki esse azdyr. Mundan başga-da, gözlegçiler 9000 ýagdaýda ýekeje kebelegi-de görmediler – bu maksatnamanyň tutuş taryhynda rekord görkezijidir.

7. Ermenistanyň Haçik obasy sekizinji gata festiwalynda aşpezlik rekordynyň merkezine öwrüldi. Ýerli aşpezler diametri 4,4 metr bolan äpet milli pirog bişirip, öňki üstünliklerden öňe geçdiler. Bu aşpezlik täsinligini taýýarlamak üçin 300 ýumurtga, 30 kg mesge, masuna we gaýmak, 75 kg şeker we 150 kg un gerek boldy. Festiwal köp sanly myhmanlary özüne çekip, diňe bir ýerli tagamlary dadyp görmegi teklip etmek bilen çäklenmän, aýdymçylaryň we darbazlaryň (tanapda ýöreýjileriň) çykyşlaryny öz içine alýan dynç alyş maksatnamasyny hödürledi. Şeýle hem myhmanlar lawaş bişirmek we küýzegärçilik sungaty boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar.

Sport habarlary

8. «Kitçi» klubynyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer-ligasynda «Gonkong Reýnjers» toparyna garşy geçirilen duşuşykda bir gol geçirdi we dört gol pasyny berdi. Duşuşyk «Kitçi» toparynyň 8:0 hasabynda ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Mingazow karýerasynda ilkinji gezek bir oýunda dört gezek netijeli pas berdi. Bu oýunda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy başlangyç düzümde meýdança çykyp, 63 minut oýnady. Gonkongyň çempionatynyň üç tapgyryndan soň «Kitçi» 5 utuk toplap, ýaryşyň sanawynda dördünji orny eýeleýär.

9. Ankarada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli küşt ýaryşy guraldy. Ýaryş «Gökyay» gaznasynyň küşt muzeýiniň binasynda geçirildi we daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň wekillerini we olaryň maşgala agzalaryny, küşt muşdaklaryny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň