Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti MKT ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak boýunça «Huawei Connect 2024» halkara forumyna gatnaşdy

15:5920.09.2024
0
6077

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde «Huawei» kompaniýasy tarapyndan geçirilýän Cultivating ICT Talent to Amplify Education Intelligence (Bilimiň intellektual derejesini ýokarlandyrmak üçin MKT ulgamynda zehinleri ýetişdirmek) forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

«Huawei Global Public Affairs BU» bölüminiň wise-prezidenti we baş direktory Li Szýunfen çykyş etmek bilen, MKT ulgamynyň zehinlerini ösdürmek we olary intellektual bilim ekosistemalaryny döretmek maksady bilen bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça kompaniýanyň strategiýasy bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem ol «Huawei» kompaniýasynyň bilim beriş prosesiniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky işleri, emeli intellekt we bulut tehnologiýalaryny ulanmagy öz içine alýan sanly özgertme çözgütleri barada gürrüň berdi.

Çäräniň dowamynda sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, «Huawei» kompaniýasynyň çözgütlerini Türkmenistanyň bilim ulgamyna ornaşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy – diýlip, saýtda bellenilýär.

Ozal biz Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň «Huawei» kompaniýasynyň «MKT ulgamynynda zehinleri ösdürmek» bölüminiň müdiri Sung Gang bilen duşuşyk geçirendigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň