Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Sankt-Peterburgda geçiriljek Birleşen medeniýet forumyna gatnaşýar

10:1910.09.2024
0
8137

Türkmenistanyň wekiliýeti 11 — 14-nji sentýabr aralygynda Sankt-Peterburgda geçiriljek 10-njy Halkara Birleşen medeniýet foruma gatnaşar. Forumyň esasy mowzugy «XXI asyryň medeniýeti: özygtyýarlylyk ýa-da globalizm» bolar diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Medeniýet ministrliginiň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekilleri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary bar.

Forumda dürli ýurtlardan bolan döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler we dünýä belli medeniýet işgärleri halkara medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşarlar.

Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary milli aýdym-saz we wokal sungatyny görkezerler. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekili «Kino» tematiki sessiýasynda çykyş eder.

Çeşmäniň bellemegine görä, myhmanlar we çärä gatnaşyjylar täze sergilere, teatr premýeralaryna we meşhur sungat ussatlarynyň konsertlerine gatnaşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň