Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Galkynyş Hemaýaty» liftleri we eskalatorlary gurnamaga hemaýat edýär

10:0903.08.2024
0
1308

«Shanghai Mitsubishi elevator» we «Koyo Elevator» kompaniýalarynyň Türkmenistandaky resmi dileri bolan «Galkynyş Hemaýaty» hojalyk jemgyýeti ýurtda dürli edara-kärhanalardyr ýaşaýyş jaýlaryny liftler, eskalatorlar hem-de ýolagçy konweýerleri bilen üpjün edýär. Kärhana bu enjamlara kepillikli hyzmat etmegiň bitewi toplumyny hödürleýär.

«Shanghai Mitsubishi elevator» we «Koyo Elevator» kompaniýalarynyň önümleri barada

Kärhana müşderilere liftleriň, eskalatorlaryň we ýolagçy konweýerleriniň dürli görnüşlerini, gerek bolan ýagdaýynda olary bejermek, gaýtadan bejermek we dürli tehniki hyzmatlary ýetirýär. Resmi diler hökmünde, kärhana «Shanghai Mitsubishi elevator» hem-de «Koyo Elevator» kompaniýalarynyň önümlerini gurnaýar. Olar bolsa, mälim bolşy ýaly, Hytaýyň we dünýäniň beýleki ösen ýurtlarynyň iň kaşaň binalarynda giňden peýdalanylýan önümlerdir.

Giň gerimli önümçilige eýe bolan bu iki kompaniýa — liftleri, eskalatorlary hem-de ýolagçy konweýerlerini işläp düzmek, taslamalaşdyrmak, öndürmek, bejermek hem-de soňky hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatlaryň giň toplumyny amala aşyrýarlar. Mysal üçin, «Koyo» kompaniýasynyň bir ýylda 30 000 lifti we 13 000 sany eskalatory öndürmäge ukyplydygy onuň enjamlaryna bolan islegiň ýokarydygyny, enjamlaryň işleýiş hiliniň hem aňrybaşdygyna şaýatlyk edýär.

Bu liftleriň we eskalatorlaryň mümkinçilikleri

Bu liftler ulanyş üçin ähli amatlyklary özünde jemleýär. Olar dürli reňklerde, ýaşaýyş jaýlarynyň we dürli maksatly edara-kärhanalaryň islendik hili interýer bezeg aýratynlyklaryna kybap gelýän görnüşlerde öndürilýär. Liftlerde ulanyş mümkinçilikleri üçin düwmeler, görüş mümkinçiligi çäkli adamlar üçin braýeliň elipbiýi, sensor arkaly dolandyrylýan ekranlar, sensor düwmeler, şeýle-de lifti galtaşyksyz çagyrmak üçin niýetlenen kiçi göwrümli ulgam enjamlaşdyrylandyr.

«Koyo» liftleri dogrusynda aýdylanda, olaryň ýokary derejeli gurnalyş beýikligi 64 gat üçin niýetlenip, hereket edişiniň ýokary tizligi 4 metr/sekunda barabardyr. Kompaniýanyň eskalatorlarynyň beýikligi bolsa ýokary derejede 25 metre çenli gurnalyp bilner.

«Galkynyş Hemaýaty»: dünýä tejribesi bilen aýakdaş

«Galkynyş Hemaýatynyň» gurnaýan liftleri we eskalatorlary häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda, şol sanda Russiýa, Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, ABŞ hem-de Beýik Britaniýa ýaly ösen ykdysadyýetli ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir. Bu liftler, eskalatorlar we ýolagçy konweýerleri Gümrük bileleşiginiň tehniki reglamentlerine, CCC, GB, VDI, EN81, EN115, CE, TUV, IEC ýaly Ýewropa standartlaryna doly laýyk gelýär hem-de bu ugurda köpsanly sertifikatlara eýedir.

Kärhana dürli maksatly binalardyr desgalarda, şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynda liftleri, eskalatorlary hem-de ýolagçy konweýerlerini gurnamak, bejermek, olara tehniki taýdan hyzmat etmek bilen, sargytlary amatly şertler esasynda kabul edýär.

Habarlaşmak üçin:

• telefon belgileri: 482216, +99362644603;
• elektron poçtasynyň salgysy: galkynysh.hemayaty@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň