Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenabat şäherinde ýoga boýunça ussatlyk sapagyny gurady

11:4214.06.2024
0
16574

12-nji iýunda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenabat şäherinde köpçülikleýin ýoga sapagyny gurady. Ussatlyk sapagyna ýoga bilen meşgullanýan çagalar, ýetginjekler we ulular gatnaşdy.

Halkara ýoga gününe bagyşlanan bu çärä şäheriň häkimi hem gatnaşdy diýip, Hindistan ilçihanasynyň Metbugat gullugy habar berýär.

Halkara ýoga güni 21-nji iýunda bütin dünýäde bellenilýär. Türkmenistanda bu möhüm senä bagyşlanyp, «Awazada» ýoga boýunça ussatlyk sapagynyň geçirilendigini ýatladýarys. Şu sene bilen baglanyşykly 12-nji we 14-nji iýunda

Türkmenabatda hem-de Mary şäherinde şeýle sapaklar geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň