Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ýylyň başyndan bäri 9,6 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana bardy

10:0828.05.2024
0
16959
Ýylyň başyndan bäri 9,6 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana bardy
Surat: kzkazan.ru

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 10-njy maýyna çenli 9,6 müňden gowrak türkmenistanly Gazagystana bardy. Bu barada TengriNews.kz saýty habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, hasabat döwründe Gazagystana baran Türkmenistanyň raýatlarynyň sany 9 müň 671-e deň boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan bu ugurda 7-nji orna ýerleşdi.

Degişli döwürde Gazagystana baran raýatlarynyň sany boýunça düzülen sanawda Özbegistan (1 million 598 müň 656 sany) liderlik edýär. Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginden Gyrgyzystan (1 million 15 müň 553 sany), Russiýa (854 müň 937 sany), Täjigistan (332 müň 177 sany) hem-de Belarus Respublikasy (47 müň 342 sany) orun aldy.

Çeşmäniň bellemegine görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende Gazagystana gelýän daşary ýurtlularyň sany 6,5 göterim artdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň