Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň 38 müňe golaý raýaty söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistanda saparda boldy

11:5505.08.2024
0
8850
Türkmenistanyň 38 müňe golaý raýaty söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistanda saparda boldy
Gezelim.com

2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 38 müňe golaý türkmenistanly söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistana sapar etdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurda söwda we täjirçilik maksady bilen baran raýatlarynyň sany boýunça birinji orny eýeledi. Has takygy, şu ýylyň birinji ýarymynda Özbegistana degişli maksat bilen baran daşary ýurtlylaryň 58,3 göterimi ýa-da 37 müň 942 sanysy Türkmenistanyň paýyna düşýär. Şeýle-de ilkinji üçlükden Täjigistan (21 müň 451), Owganystan (1 müň 569) orun aldy.

Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň ýanwar —iýun aýlarynda Özbegistana söwda we täjirçilik maksady maksady bilen baran daşary ýurtlularyň sany 65 müňden gowrak bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,8 esse köpdür.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň