Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

31 müň türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi

11:0211.05.2024
0
10119

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça ilkinji bäşlikden orun aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde 31 müňden gowrak türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi. Şeýlelikde, Türkmenistan goňşy ýurda syýahat etmek maksady bilen raýatlarynyň sany boýunça bäşinji orundan ýer aldy.

Şeýle-de sanawyň ilkinji bäşliginde Täjigistan (536,5 müň syýahatçy), Gyrgyz Respublikasy (442 müň syýahatçy), Gazagystan (262,6 müň syýahatçy) we Russiýa Federasiýasy (134,2 müň syýahatçy) ýaly ýurtlaryň ady bar.

Sanawda Türkmenistandan soňky orny 21,5 müň syýahatçy bilen Türkiýe eýeläpdir.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — mart aýlarynda Özbegistana syýahat eden daşary ýurtlularyň umumy sany 1 million 519,3 müňe ýetip, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,1 göterim artypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň