Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rus alymlary Antarktidada garpyz ýetişdirdiler

11:1101.08.2023
0
31175

Arktidadaky «Wostok» stansiýasynda – Ýeriň iň sowuk ýerinde rus alymlary garpyz ösdürip ýetişdirdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Munuň üçin olar ýörite fitotehno-toplum gurdular. Ol ýerde ösümlikler üçin amatly howa temperaturasy we howanyň çyglylygy üpjün edildi. Alymlar topragy çalşyjy, iýmitlendiriji suwuklyklary we Gün şöhlesine golaý bolan ýörite ýagtylygy döretdiler.

103 günde alty sany düýpden sekiz sany bişen we süýji garpyz almak başartdy. Indi alymlar «Wostok» stansiýasynda tokaý ir-iýmişlerini ösdürip ýetişdirmekçi bolýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň