Soňky habarlar
Arhiw
Афиша
0
1247
Mähriban tomaşaçylar! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynyň saýasynda ýaş nesillere we körpelere edilýän atalyk aladalar has hem artýar. Türkmenistanyň Döwlet sirki hem şol ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzda giňden bellenilip geçirilýän «Çagalary goramagyň halkara güni» mynasybetli 1-2-nji iýunda sagat 18:00 sirk dünýäsiniň täsinliklerine we jadysyna tomaşa etmäge çagyrýar. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleri hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary baýramçylyk mynasybetli özüniň täzeden-täze çykyşlaryny taýýarlap, Size durmuşyňyzda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary paýlamak üçin tomaşa etmäge çagyrýarlar!
Petek satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna gelip bilersiňiz. Kassanyň iş wagty: Sişenbe-Ýekşenbe günleri aralygy, sagat 10:00 – 18:00-a çenli.
Goşmaça maglumatlary resmi sahypamyzda görüp bilersiňiz: sirk.gov.tm
Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34;

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler