Soňky habarlar
Arhiw
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY "Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete girizmek hakynda"
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň
rejelenen görnüşini tassyklamak we herekete
girizmek hakynda
1-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini tassyklamaly (goşulýar).
2-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan herekete girizmeli.
3-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň güýje giren gününden şulary bellemeli:
1) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli gelip gowşan we birinji, nägilelik we gözegçilik basgançakly arbitraž kazyýetleri tarapyndan seredilmedik işler şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;
2) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan soň birinji basgançakly arbitraž kazyýetine gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;
3) 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan soň nägilelik basgançakly arbitraž kazyýetlerine gelip gowşan nägilelik şikaýatlary we teklipnamalary, şeýle hem gözegçilik tertibinde gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;
4) kanuny güýje girmeli möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna ýa-da şondan soňky möhlete gabat gelýän, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli çykarylan, ýöne şikaýat edilmedik birinji basgançakly arbitraž kazyýetiniň çözgütlerine şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 162-nji maddasy bilen bellenilen möhletde nägilelik basgançagyna şikaýat edilip ýa-da olara teklipnamalar getirilip bilner;
5) gözegçilik tertibinde şikaýatlary we teklipnamalary bermegiň möhletleri şu Kanun bilen güýje girizilen pursadyndan Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň 176-njy maddasyna laýyklykda hasaplanylýar.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 13-nji marty.
№ 331-VI.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň