Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň 25-nji sany çapdan çykdy.
Neşiriň esasy maksady Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny ýaýmakdan, milli arhiw işiniň esasy taglymat binýadyny ösdürmäge ýardam bermekden, bu ugurda gazanylanlary wagyz etmekden ybaratdyr diýlip, «Türkmenistan» gazetinde ýerleşdirilen habarda bellenilýär.
Žurnal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken möhüm ähmiýetli Permanlarydyr Kararlary, döwlet Baştutanynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlary hem-de geçen ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň wakalaryna — iri forumlara, halkara maslahatlara, döwlet derejesindäki konsultatiw duşuşyklara, esasy senagat we durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna berilýän syn bilen açylýar.
“Täze neşirler” atly bölümde okyjylar Serdar Berdimuhamedowyň eserleriniň, hususan-da, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, şeýle hem “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitaplary, 5-nji iýunda bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çapdan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň XVI jildi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň “Hakyda göwheri” atly kitaby, Magtymguly Pyragynyň özbek we gyrgyz dillerine terjime edilen goşgular ýygyndylary barada tanyşdyrýan makalalary okap bilerler.
Birnäçe mowzuklaýyn makalalar döwlet arhiw gullugynyň möhüm wezipeleriniň biri bolan ministrlikleriň, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň iş önümçilik we arhiw düzümlerine resminama dolanyşygyny dogry guramak meselelerinde usuly kömekleri bermeklige bagyşlanýar.
Neşirde çap edilen maglumatlar giň okyjylar köpçüliginde, aýratyn-da, taryhçylarda, mugallymlarda we ylmy işgärlerde, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda, şeýle hem iş önümçilik we arhiw gulluklarynyň işgärlerinde uly gyzyklanma döreder.
Žurnalyň nobatdaky sanynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasyna degişli fotoresminamalaryň baý mazmunly toplumy hem ýerleşdirildi diýlip, habarda bellenilýär.