Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi

09:3826.05.2025
0
19188

Türkmenistanda 2024-2025-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Ýurduň ähli umumybilim berýän orta mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

25-nji maý güni ir bilen mekdepleriň göreldeli uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýewiň Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baş baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy.

Soňra ýurduň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Dabaralaryň başynda Döwlet senasynyň ýaňlanmagy ýaşlaryň watansöýüjiliginiň, wepalylygynyň we ruhubelentliginiň nyşanyna öwrüldi.

Dabara gatnaşan uçurymlaryň ene-atalary, bilim işgärleri orta mekdebi tamamlaýan ýaşlara gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Mekdep ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edip, has tapawutlanan okuwçylara, bilim ulgamynyň işgärlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagyyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Dabaralarda okuwçylaryň ýerine ýetiren täsirli çykyşlaryna orun berildi. Soňra uçurymlar soňky jaňy kakdylar we täze okuw ýylynda mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlemäge taýýarlanýan körpelere bilimler dünýäsine gadam urmagyň özboluşly nyşanyny gowşurdylar.

Şu gün «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy.

Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, uçurymlar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň