23-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hormatly Prezidentiň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 11 — 13-nji iýuny aralygynda «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkany geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, halkara sergi-ýarmarka dokma senagaty kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu ugurda iş alyp barýan agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýerli we daşary ýurt dizaýnerleriniň lybaslarynyň görkezilişini guramak, Merkezi Aziýanyň gadymy dokma usullary, häzirki zaman tehnologiýalaryna bagyşlanan ussatlyk sapaklaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynda ýetilen sepgitler bilen tanyşmaga, özara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, öňdebaryjy tejribäni alyşmaga oňaýly mümkinçilikleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, ýurtda öndürilýän ýokary hilli dokma önümleriniň dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýandygyny, hereket edýän dokma senagat kärhanalarynda dünýäniň öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň işi ýokary netijeli alyp barmaga şert döredýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýere paýtagtda geçiriljek «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka gowy taýýarlyk görmegi hem-de ony ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.