23-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow döwlet Baştutanynyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny kanunlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wirtual aktiwleriň dolanyşygynda gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda umumy düzgünler, wirtual aktiwler işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi, wirtual aktiwleriň dolanyşygy çygrynda işleriň guralmagy, maýning, wirtual aktiwleriň emissiýasy we jemgyýetçilige hödürlenilmegi, wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijiler hem-de jemleýji düzgünler beýan edilýär. Bu Kanunyň kabul edilmegi maýa goýumlaryň çekilmegine, maliýe tehnologiýalary başlangyçlarynyň ösdürilmegine, sanly hyzmatlar ulgamynda telekeçilik işjeňliginiň höweslendirilmegine ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezident hasabaty diňläp, sanly tehnologiýalaryň hem-de sanly ykdysadyýetiň çalt ösýän döwründe wirtual aktiwleriň dolanyşygyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we wise-premýere «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlis bilen degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.