Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda kriosferanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça okuw geçirildi

14:1513.05.2025
0
17353

Aşgabatda 12-13-nji maý aralygynda Ählumumy ekologiýa gaznasy–BMG-niň Ösüş maksatnamasy–ÝUNESKO-nyň «Durnukly ösüşiň toplumlaýyn usullaryny işläp düzmek we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin niwal-buzluk ulgamlaryna baha bermek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny goldamak arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak» sebit taslamasynyň çäklerinde okuw-seminary geçirildi.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar berşi ýaly, çäräniň işine döwlet edaralarynyň wekilleri, glasiologlar (buzluklary öwrenýän alymlar), klimatologlar we gidrologlar, şeýle-de sebitiň bäş ýurdunyň raýat jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşýarlar.

Seminaryň açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli iş toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa şeýle belledi:

«Sebitleýin hyzmatdaşlyk, howanyň üýtgemegi şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe bolýar – suw diňe baýlygyň çeşmesi däl, ol – ýaşaýşyň özenidir. Buzluklardan iýmitlenýän derýalaryň bar ýerinde, Türkmenistanyň mysalynda bolşy ýaly, uýgunlaşmak meseleleri örän wajyp bolup durýar».

Okuw-seminary Merkezi Aziýada milli çäreleriň toplumynda Gazagystan, Täjigistan we Özbegistanda geçirilen duşuşyklardan soň, dördünji boldy. Seminarlar toplumy Gyrgyzystan Respublikasynda dowam eder we şu ýylyň iýun aýynda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň