Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Stambul — Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň aksiýasyny uzaltdy

11:2601.05.2025
0
20240

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul — Aşgabat ugry boýunça aksiýa awiapetekleriniň satyn alyş möhletini uzaldýandygyny habar berdi. Täze habara laýyklykda, ýöriteleşdirilen nyrhlardan hödürlenilýän awiapetekleri 2025-nji ýylyň 23-nji maýyna çenli satyn alyp bolar.

Bu aksiýa Stambul — Aşgabat ugry boýunça birtaraplaýyn TK0324 göni gatnawlaryna degişlidir, bahasy 312 ABŞ dollaryndan başlaýar. Şeýle hem şol ugur boýunça iki tarapyna bahasy ABŞ-nyň 579 dollaryndan başlaýan ýörite teklip bar.

Satyn alnan awiapetekler boýunça syýahat döwri 2025-nji ýylyň 5-nji maýyndan 23-nji maýyna çenlidir.

Türkiýäniň beýleki şäherlerinden Stambulyň üsti bilen Aşgabada uçýan ýolagçylar üçin görkezilen nyrhlara birtaraplaýyn uçuş üçin 50 dollar we ikitaraplaýyn uçuş üçin bolsa 80 dollar goşulýandygyny ýatladýarys.

Awiapetek sargyt etmek üçin «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky satuw ofisine ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris:

  • ýerleşýän salgysy: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com.

Satuw bölümi duşenbe — anna günleri aralygynda sagat 09:00-dan 17:00-a çenli işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň