Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasy öz işine başlady

12:2429.04.2025
0
25108

Şu gün Aşgabatda «Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasynyň açylyş dabarasy boldy.

Dünýäniň 35 ýurdundan 250 wekili bir ýere jemlän forum Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. Çäräniň çäklerinde şeýle hem «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçiriler.

Dabaraly açylyşa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara gutlag Ýüzlenmesini diňlediler.

«Bu giň möçberli çäreleriň halkara söwdany ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmekde, ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary önümçilige ornaşdyrmak esasynda ýokary hilli, ekologiki taýdan arassa, halkara ülňülerine laýyk gelýän harytlary dünýä bazarlarynda ilerletmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn» - diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany belläp geçdi.

Sergi-ýarmarka kiçi we orta kärhanalary goldamak, olaryň halkara ykdysadyýete goşulmagyny üpjün etmek, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini öňe sürmek, milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek maksadyna gönükdirilendir.

Sergi zolaklary elektron söwdasy, logistika, oba hojalygy, sarp ediş harytlary, senagat önümleri we innowasion çözgütlere bagyşlanandyr.

Forumyň çäklerinde B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklar geçiriler, bu bolsa, şübhesiz, işewürlik aragatnaşyklaryny pugtalandyrar; gatnaşyjylar döwrebap tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeleri we durnukly iş alyp barmak üçin netijeli strategiýalary ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

«Halkara söwda we hyzmatlar» sergi-ýarmarkasynyň 1-nji maýa çenli dowam etjekdigini ýatladýarys. Iş wagtlary aşakdaky ýaly:

  • 29-njy aprelde – sagat 10:00-dan 18:00-a çenli
  • 30-njy aprelde – sagat 10:00-dan 18:00-a çenli
  • 1-nji maýda – sagat 10:00-dan 17:00-a çenli
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň