Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda 41 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

11:1721.04.2025
0
15034
Birža söwdalarynda 41 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Surat: Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň Gymmat Bahaly Metallar We Gymmat Bahaly Daşlar Gaznasy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, nebit ýol bitumyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen hlorly natrini we awtoulag benzinini satyn aldylar.

Şeýle hem Owganystanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine gazbeton bloklary, pagta süýümi, nah ýüplük, wafel we flanel matalar, granulirlenen hojalyk sabyny ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 130 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 34 million 570 müň manada deň bolan portlandsementi, ýüpek çig malyny, buýan köküniň ekstraktyny satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň