Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Turkish Airlines» Stambul bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnawlaryň ýygylygyny artdyrýar

11:5029.03.2025
0
61983

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy Stambul — Aşgabat — Stambul ugry boýunça gatnawlaryň ozalkydan has artdyrylýandygy barada habar berýär. Şu ýylyň 30-njy martyndan başlap, bu ugur boýunça gatnawlar ýolagçylara hepdede 14 gezek elýeterli bolar.

«Gatnawlaryň ýygylygynyň artdyrylmagy ýolagçylara syýahat etmek üçin iň amatly wagty saýlamaga mümkinçilik berer, şeýle hem işewürlik we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge goşmaça mümkinçilikleri döreder» diýip, «Turkish Airlines-yň» wekili belleýär.

Uçuşlaryň tertipnamasy, elýeterli nyrhnamalar hem-de awiapetekleri bronlamak barada has giňişleýin maglumatlary almak ýolagçylar «Turkish Airlines» awiakompaniýasynyň Aşgabatda şu salgyda ýerleşýän satuw ofisine ýüz tutup bilerler: G.Kulyýew köçesi, 39-njy jaý, «Ussat» binasy.

Habarlaşmak üçin:

  • elektron poçta salgysy: askabatbiletsatis@thy.com;
  • telefon belgisi: (+993 61) 01 44 33;
  • web saýty: turkishairlines.com.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň