S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2025-2026-njy okuw ýylynda bu ýokary okuw mekdebine girmek isleýän ýaşlary şu ýylyň 15-nji martynda, 12-nji aprelinde we 10-njy maýynda geçiriljek açyk gapylar günlere çagyrýar – diýlip, «Balkan» gazetiniň 13-nji martda çykan sanynda habar berilýär.
Şol günleriň dowamynda ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşarlar, uniwersitete girmek üçin zerur resminamalar, bilim edarasynda okadylýan hünär ugurlary, şeýle hem uniwersitetde alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik we medeni-köpçülikleýin işler baradaky jikme-jik maglumatlary alarlar.
Açyk gapylar günleri aşakdaky salgy boýunça sagat 9:00-da başlanýar: Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin: S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.
Salgysy: Aşgabat şäheri, 2009 köçe (Görogly), jaý 143.
Telefon belgileri: 34-07-77, 34-25-64, 34-27-09.