28-nji fewralda Bangladeşiň Yslamabatdaky ilçihanasynda Türkmenistanyň ilçisi A.Möwlamow bilen Bangladeşiň Pakistandaky ilçisi Ikbal Huseýn Hanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada daşary syýasat edarasy habar berdi.
Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty Bangladeşiň ilçisine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddiniň adyna ýollan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyna resmi çakylyk hatyny berdi.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň we Bangladeşiň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de sebit we halkara düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.