Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanda türkmen halkynyň Milli Lideriniň saparyna garaşylýar

15:2201.03.2025
0
22592

Özbegistanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparyna garaşylýar. Bu barada goňşy ýurduň Lideriniň türkmen halkynyň Milli Liderine iberen hatynda aýdylýar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen metbugatynda çap edilen şol hatynda:

— Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Siziň Birleşen Milletler Guramasynyň ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de belent maksatlaryna ýetmegiň ýolunda işjeň tagallalaryňyza ýokary baha bermek bilen, Siziň Alyhezretiňiziň we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde Türkmenistanyň geljekde-de ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýärin. Biz bilelikdäki tagallalar arkaly döwletlerimiziň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegini gazanarys.

Pursatdan peýdalanyp, Size we ýakynlaryňyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asylly işleriňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Size Özbegistanda sabyrsyzlyk bilen garaşýarys — diýip ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň