Russiýa Federasiýasynyň Penzenskaýa sebitiniň işewürleri mart aýynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara foruma gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Penzenskaýa sebitiniň ykdysady ösüş we senagat ministrliginiň daşary ykdysady gatnaşyklar we döwlet goldawy bölüminiň başlygy Olga Kitaýewanyň sözlerine salgylanyp, riapo.ru saýty habar berdi.
«Türkmenistan bilen Penzenskaýa sebitiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpýyllyk taryha eýedir. Bu forum önümlerini eksport etmäge we daşary ýurt bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän penzenskaýaly kärhanalar üçin uly ähmiýete eýe bolar» diýip, Olga Kitaýewa belledi.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlary» atly halkara foruma 16 — 18-nji mart aralygynda geçiriler. Onuň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Söwda-senagat edarasy çykyş edýär.