Rim Papasy Fransisk rahat ukusyny aldy, onuň saglyk ýagdaýy kem-kemden gowulaşýar diýip, Keramatly tagtyň Metbugat zaly düýn— annada habar berdi. Watikanyň metbugat gullugynyň habarynda: «Soňky günlerdäki ýaly, Papa gijesini oňat uklady, häzir ol dynjyny alýar» diýlip bellenýär. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berdi.
Şeýle hem çarşenbede Fransisk bejergi alýan hassahanasynyň kiçijik ybadathanasynda doga okady hem-de takwa adamlary kabul etdi.
Ýanwarda pontifigiň öýken çişme keseli bilen hassalandygyny, 14-nji fewralda keseliniň ötüşmegi bilen baglylykda, Rimdäki «Agostino Jemelli» hassahanasyna ýerleşdirilendigini habar beripdik.