Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Arap döwletleriniň Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza aýynyň gelmegi bilen gutladylar

11:3101.03.2025
0
17954

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryndan Oraza aýy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olaryň birnäçesi türkmen metbugatynda çap edildi.

Türkmen döwletiniň Baştutanyna, hususan-da, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauddan, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahdan, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifadan, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauddan gutlag hatlary geldi.

Hatlary iberen arap döwletleriniň Liderleri mübärek Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli iň gowy arzuwlaryny, dileglerini beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistana we onuň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, ösüş arzuw edýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň